Logistika | «Demirýollary» AGPJ

LOGISTIKA

Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýurdumuzyň demir ýol ulagyny bäsleşige ukyplydygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini goşmaça artdyrmaga ýardam bermek hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan ýük alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmek maksady bilen, "Demirýollary" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde Logistika we Halkara ýükler ekspeditorçylyk bölümleri  döredildi.

Eýsem, “logistika” sözüniň düýp manysy näme diýmek?! Ýaňy-ýakynda hem “logistika” sözi diňe ylmy nukdaýnazardan tanalýardy. Emma soňky on ýyl kem-kemden giňden ulanylýandygyny görkezdi. Munuň sebäbi, halkara tejribesinde ýük daşamak işiniň kämilleşmegi, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy, ammarlaryň we  innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrylmagydyr. 

“Logistika” sözüniň gelip çykyşy gadymy grek düşünjesi “buhgalter hasabaty, sanamak sungaty” bilen baglanyşykly. Ilkibaşda logistika bilen harby-intendant gullugynda meşgullanýardylar. Olar azyk önümleriniň paýlanyşyny mümkin boldugyça iň amatly usulda üpjün etmek üçin işleýärdiler.

Häzirki zamanda ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Ulag logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanylyp alynmagy, ýükleriň öz wagtynda çalt we arzan alyja gowşurylmagyna täsir edýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy — ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir.

Logistikanyň işi näme?

Logistika hünärmeniniň jogapkärçiligi aşakdaky meseleleri öz içine alýar:

  • Müşderilere eksport, import we  üstaşyr ýükleri daşamak üçin iň gysga ýoly we amatly ýol nyrhyny hödürlemek;
  • Müşderilere konsultasiýa bermek;
  • Konteýner ýükleri artdyrmak boýunça iş geçirmek;
  • Ýurdumyzdan aýlanyp geçýän ýükleri öwrenmek we seljerme işlerini geçirmek;
  • Ýurdumyzda hususy parka degişli wagonlarynyň dolanşygyny artdyrmak;
  • Goňşy döwletleriň bazarlaryny öwrenmek; 
  • Gümrük we ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen işlemek;

Logistika Hyzmatlarymyz

Biziň Türkmenistanyň çäginde bir wagonyň ugry boýunça nirdedigi barada habar bermek boýunça täze hyzmatymyz

Şertnamalaýyn logistika

Ikitaraplaýyn şertnama esasynda müşderilere ýokary ülňülere laýyklykda hyzmat edilýär

Ekspeditor hyzmatlary

Ýük ugradyjydan ýük alyja eksport ýükleriniň gowşurylmagy üçin logistika hyzmatlary giňişleýin seljerilýär

Ýükleri saklamak işleri

Multimodal ýük gatnawlarynda ýükleri portda, beketlerde düşürip, indiki ugurlara ýüklenýänçä saklap bermak

Hereket edýän düzümi işlemek

Ýük herekede başlan wagtyndan barjak ýerine çenli gözegçilikde saklap, ýük düzüminiň howpsuzlygyny hem-de ýükleriň barmaly nokadyna tiz ýagdaýda ýetmegini üpjün etmek